Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putin bilen duşuşykdan “uly tamalary” etmeýär 


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öz golf meýdançasynda gezim edýär. Şotlandiýa, 14-nji iýul, 2018.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öz golf meýdançasynda gezim edýär. Şotlandiýa, 14-nji iýul, 2018.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 16-njy maýda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Helsinkide boljak duşuşyga “uly tama” bilen barmaýandygyny aýtdy. “Men az tama bilen barýaryn” diýip, Tramp 15-nji iýulda CBS neşirinde çap edilen söhbetdeşliginde aýtdy.

"Men uly tama bilen barmaýaryn” diýip, Tramp CBS News-e aýtdy. Ol bu duşuşykdan “hiç bir erbetligiň” çykmajagyny, “belki-de käbir gowulygyň” çykjakdygyny aýtdy.

“Meniň pikirimçe, duşuşmak gowy zat. Men duşuşyklara ynanýaryn” diýip, Tramp aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti duşuşykda Amerikanyň 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlaryna garyşmakda aýyplanan 12 rus içalysy baradaky meseläni gozgajakdygyny aýtdy we Putinden olary ABŞ-a ekstradisiýa etmegi soramak barada “oýlanmandygyny” belledi.

Kreml özüniň ABŞ saýlawlaryna gatyşandygyny ret edýär.

XS
SM
MD
LG