Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Kömür känindäki heläkçilikli wakada dört şahtaçy öldi


Gürjüstanyň Tkibuli sebitindäki Mindeli käninde işleýän şahtaçylar
Gürjüstanyň Tkibuli sebitindäki Mindeli käninde işleýän şahtaçylar

Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi ýurduň kömür känindäki tunelde üçegiň çökmegi netijesinde dört şahtaçynyň ölendigini we başga-da alty sanysynyň ýaralanandygyny aýdýar.

Ministrligiň beýanatynda bellenilmegine görä, bu heläkçilikli waka 16-njy iýulda Tbilisiniň 200 kilometr günbatarynda ýerleşýän Tkibuli sebitindäki Mindeli käninde boldy.

Maglumatda tuneliň çökmegine metan gazynyň partlamagy sebäp bolan ýaly bolup görünýär diýilýär.

Kömür käninde howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygyny ýa-da bozulmandygyny anyklamak boýunça derňewler geçirilýär diýip, ministrlik belledi.

Şu ýylyň aprel aýynda agzalýan kömür käninde bolan wakada alty şahtaçy öldi we başga-da üç sanysy ýaralandy.

Bu kömür käni “Sahnahşiri” atly gürji kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar.

XS
SM
MD
LG