Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanda awtobus ýangyny bilen baglanyşykly sud diňlenişiginiň geçiriljek wagty kesgitlendi


Şu ýylyň ýanwar aýynyň 18-ne Gazagystanyň günortasyndaky Şymkent şäherinden Orsýetiň Samara şäherine sapar edýän awtobus ot aldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Gazagystanda 52 özbek raýatynyň heläk bolmagyna sebäp bolan awtobus ýangyny bilen baglanyşykly sud diňlenişiginiň geçiriljek wagty kesgitlendi.

16-njy iýulda Gazagystanyň demirgazyk-günbatarynda Aktobe regional sudy bu iş boýunça sud diňlenişiginiň 20-nji iýulda Yrgyz etrap sudunda geçiriljekdigini mälim etdi.

Bu sud diňlenişiginde ýangynda aman galan üç sürüji we “Asia Transit Service” kompaniýasynyň iki wekili sud öňüne çykarylýar.

Ählisi gazak raýaty bolan bäş tussag öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmakda, tehniki taýdan ýaramsyz transport serişdesini kommersiýa maksatlar üçin ulanmakda we galplykda aýyplanýar.

Gürrüňi edilýän heläkçilik şu ýylyň ýanwar aýynyň 18-ne agzalýan awtobus Gazagystanyň günortasyndaky Şymkent şäherinden Orsýetiň Samara şäherine sapar edýän mahaly boldy.

Resmiler Germaniýanyň Setra kompaniýasyna degişli awtobusyň 29 ýyl bäri ulanyşdadygyny we onuň ýolagçylary gatnatmaga lisenziýasynyň, ýagny resminamasynyň ýokdugyny aýtdylar. Şeýle-de, olar bu awtobusyň tehniki howpsuzlyk baradaky sertifikatynyň möhletiniň hem 2016-njy ýylda tamamlanandygyny bellediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG