Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan söwda-ykdysady, ulag gatnawlary taslamalaryny maslahatlaşmak isleýär


Aşgabadyň haly bazary, 1994 ý.
Aşgabadyň haly bazary, 1994 ý.

“Interfax” habar gullugy region häkimliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, türkmen ilçihanasynyň delegasiýasynyň hazarýaka döwletleriniň sammitiniň öňünden Gazagystanyň Mangistau sebitine gelendigini habar berýär.

Türkmen ilçisi Toýly Kömekow bilen Mangistau regionynyň häkimi Ýeraly Tugžanowyň duşuşygynda türkmen tarapynyň sammitiň gapdalyndan esasy üç möhüm meseläni – transport koridory, howa aragatnaşygy we wiza meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygy aýdyldy.

Bu sammit Hazar ýakasynda ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrar, sebäbi bir topar dokumente gol çekilmegine garaşylýardiýip, türkmen resmisi aýtdy.

“Mysal üçin, türkmen prezidentiniň buýrugy esasynda, hazar döwletleri bilen söwda we ykdysady gatnaşyklar, transport hyzmatdaşlygy taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy taýýarlanylýar. Men bu meseleler boýunça anyk kararlaryň kabul ediljegine ynanýaryn” diýip, Kömekow aýtdy.

Habar berilmegine görä, Kaspi sammiti Aktauda, Mangistau sebitiniň paýtagtynda, 12-nji awgustda bolar. Bu sammitde Kaspi deňziniň kanuny durumy bardaky konwensiýa gol çekilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG