Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Putiniň bilelikde polisiýa sorag etmelerini geçirmek teklibiniň üstünde oýlanýar


Döwlet departamentiniň sözçüsi Hizer Nauert “Rus hökümetinden çykan umumy tassyklamalar doly bolgusyzlyk” diýdi.
Döwlet departamentiniň sözçüsi Hizer Nauert “Rus hökümetinden çykan umumy tassyklamalar doly bolgusyzlyk” diýdi.

Ak tam we Döwlet departamenti rus prezidenti Wladimir Putiniň, eger Kreml tankytçysy William Browderi yzarlaýan rus prokurorlaryna birnäçe amerikany sorag etmäge rugsat berilse, amerikan prokurorlaryna 2016-njy ýylyň prezident saýlawlaryna gatyşmakda aýyplanýan 12 orsýetlini sorag etmäge rugsat bermek baradaky teklibiniň üstünde ylalaşmaýar.

At tam 18-nji iýul güni giçlik Putiniň 16-njy iýulda geçen sammitde prezident Donald Trampa eden teklibiniň üstünde oýlanýandygyny aýtdy, emma Döwlet departamenti we Federal derňew býurosy (FDB), departamentiň ony “doly bolgusyzlyk” diýip atlandyrmagy bilen,Orsýetiň talabyny ret etdi.

Orsýet Browderi salgytdan gaçmakda we galplykda aýyplady, Putin sammitde britan maliýeçisiniň Orsýetden bikanun, salgyt tölemezden 1,5 milliard dollar çykarandygyny öňe sürdi.

Bir zaman “Heritage Capital” korporasiýasynyň başlygy hökmünde Orsýetde Günbataryň iň uly maýadary bolan Browder Putiniň özünden Magnitskiý kanunlary diýilýäni bir topar ýurtda üstünlikli öňe sürendigi üçin öç aljak bolýandygyny aýdýar. Sebäbi bu kanunlar Orsýetde we beýleki ýurtlarda adam hukuklaryny bozýanlara garşy sanksiýa girizilmegine ygtyýar berýär.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Hizer Nauert (Heather Nauert) 18-nji iýulda “Rus hökümetinden çykan umumy tassyklamalar doly bolgusyzlyk” diýdi. Şeýle-de ol amerikan sudunyň Orsýetiň Browdere garşy aýyplamalaryny eýýäm ret edendigini we rus häkimiýetleriniň bu meseledäki amerikan pozisiýasyny bireýýämden bäri bilýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG