Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa banky ÝB-niň Eýranyň ýadro ylalaşygyny halas etmek planyna şübhe bildirýär


Ýewropanyň Inwestisiýa bankynyň prezidenti Werner Hoýer

Ýewropanyň Inwestisiýa bankynyň başlygy Ýewropa Bileleşiginiň Eýranyň ýadro ylalaşygyny aman saklamak barada beren wadasyny ýerine ýetirip biljegine şübhe bildirýär, sebäbi ÝB-niň çak edişi ýaly, bankyň Eýrana maýa ýatyryp bilmeýändigini aýdýar.

Bankyň prezidenti Werner Hoýer 18-nji iýulda, ABŞ ondan çykmak kararyna gelenden soň, ÝB-niň 2015-nji ýyldaky ylalaşygy aman saklamak ugrunda edýän tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy. Şol bir wagtda-da ol “Eýran biziň aktiw rol oýnap bilýän ýerimiz däl” diýdi. “Ol ýerde häzir içinde we Eýran bilen iş edip bilýän ýewropa banky ýok” diýip, Hoýer Brýusselde žurnalistlere aýtdy.

"Eger biz Eýranda aktiw bolan bolsak, bankyň iş modelini töwekgellige salardyk we biziň bu fakty nazarda tutmagymyz gerek” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýrana bank karzlarynyň berilmegi EB-niň Eýrana maýa akymyny saklamak planynyň özeni bolup durýardy, emma Birleşen Ştatlar Tähranyň ABŞ-nyň maliýe ulgamlaryna eleýeterliligini kesýär, sebäbi ol ýakyn wagtda bu ýurda garşy gaýtadan sanksiýa girizýär.

XS
SM
MD
LG