Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: Bizde hukuk bar bolsa, onda ýöne düşündiräýseňiz


Köpçülikleýin resmi çäräniň gatnaşyjylary - döwlet edaralarynda işleýän zenanlar
Köpçülikleýin resmi çäräniň gatnaşyjylary - döwlet edaralarynda işleýän zenanlar

Salam!

Türkmenistanda aýallaryň hukuklary boýunça nobatdaky tema barada ýazýaryn.

Ine size birnäçe hakyky durmuş wakasy. Meniň öz şahsy tejribämden we bu problema bilen ýüzbe-ýüz bolup, henizem ejir çekýän zenanlaryň tejribesinden.

Men hut özümiň Türkmenistanyň territoriýasynda durmuş gurmandygym hakynda resminamany almakçy bolup, ýurduň daşyna çykyp bilmeýän adama öwrülmegimden başlamakçy. Bu resminama diňe Zags üçin däl, eýsem dürli guramalar we edaralar üçin gerek bolup bilýär. Migrasion gullugyndan jogap almak kyn, berlen jogapda-da ýurtdan çykyp bolmaýandygynyň sebäbini hem mälim etmeýärler, saňa ulumsylyk bilen seredýärler, hamala mende olar bilen gepleşmäge hukuk ýok ýaly, sarp eden wagtyň biderek bolýar.

Biz ýalylar, nirä ýüz tutjagyny bilmän oturanlar bärde örän köp.

Men daşary ýurt raýatlarynyň aýallary bilen gepleşip gödüm, birnäçesi bilen, olar daşary ýurtlara çykmaz edilensoň migrasiýanyň kararlaryndan sudlara arz edipdir, netijesiz. Olaryň käbiri öz garyndaşlaryny görmek üçin, käbirleri daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaltmak üçin gelip, öz ýurdunda zamuna öwrülipdir. Olara 2-nji ýa-da 3-nji sortdan hem erbet çemeleşýärler, bizde aýallarda, agzymyzy açmaga-da hukuk ýok ýaly.

10-njy iýulda BMG-niň Ženewadaky bölüminde Türkmenistanyň hökümetiniň CEDAW (aýalar babatyndaky diskriminasiýanyň ähli görnüşini ýok etmek barada konwensiýa) boýunça hasabatynyň diňlenişigi boldy.

Şol delegasiýadan eşidesimiz gelýär, näme üçin daşary ýurt raýatlarynyň aýallary we durmuş gurmandygy hakynda resminama soranlar ýurtdan çykmaz adamlara öwrülýär?

Eger-de bizde hak-hukuk bar bolsa, muny bize düşündiräýseňiz!

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG