Rus parlamentiniň aşaky palatasy, Döwlet dumasy dowam edýän protestleriň arasynda pensiýa çykmak ýaşyny ýokarlandyrmak baradaky gapma-garşylykly kanun taslamasyny ilkinji okaýyşda tassyk etdi.
Kanun çykaryjylar kanun proýektini 19-njy iýulda 327-102 hasabynda, bir adamyň saklanmagynda, dumanyň daş işiginde 200 çemesi adamyň protest bildirmeginde tassyk etdiler.
Rus hökümetiniň 16-njy iýunda tabşyran teklibi esasynda, pensiýa çykmak ýaşyny kem-kemden ýokarlandyrmak 2019-njy ýylda başlanar.
Taslama görä, erkekleriň pensiýa çykmak ýaşy 2028-nji ýyla çenli 65 ýaşa, aýallaryň pensiýa çykmak ýaşy bolsa, 2034-nji ýyla çenli 63 ýaşa galdyrylar. Häzir erkekleriň pensiýa ýaşy 60 bolsa, aýallaryňky – 55 ýaş.
Bu plan köp orsýetlini gahar-gazaba çykardy, 1-nji iýula çenli oňa garşy petisiýa 2.8 million adam gol çekdi.