Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak figuraçy sportsmeni öldürmekde güman edilýän şübheli tussag edildi


Typmak boýunça figuraçy sportsmen Denis Ten

19-njy iýulda Gazagystanda typmak boýunça figuraçy sportsmen Denis Teni öldürmekde güman edilýän şübheli tussag edildi.

20-nji iýulda Almaty şäheriniň prokurory Berik Žuiriktaýew žurnalistlere beren maglumatynda tussag edilen Nuraly Kiýasowyň 1994-nji ýylda Gazagystanyň günortasyndaky Žambyl regionynda doglandygyny we onuň ýurdy geň galdyran jenaýata özüniň gatnaşygynyň bardygyny boýun alandygyny aýtdy.

Almatynyň polisiýasy ikinji şübheliniň hem şahsyýetiniň anyklanandygyny we kanun goraýjy ofiserleriň onuň ýerini kesgitlemäge synanyşýandygyny mälim etdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, Ten öz ulagynyň yzky aýnasyny ogurlamaga synanyşan iki nämälim adama garşylyk görkezende pyçaklanýar.

Typmak boýunça figuraçy sportsmen Denis Ten 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bürünç medala eýe bolupdy. 2013-2015-nji ýyllarda ol Dünýä çempionatynda bürünç we kümüş medallarynyň ýeňijisi bolupdy.

Geçen aý 25 ýaşyny dolduran Ten häzire çenli Olimpiýa oýunlarynda medallara mynasyp bolan ýeke täk gazak figuraçysydyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG