Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ tarapyndan rus agenti bolmakda aýyplanýan Butinanyň boşadylmagyna çagyrýar


Maria Butina
Maria Butina

19-njy iýulda Orsýetiň Daşary işler ministrligi Birleşen Ştatlaryň konserwatiw syýasatçylary we toparlary bilen ilteşigi bolan Maria Butinanyň azatlyga goýberilmegine çagyryp, Twitter sosial ulgamynda ýörite kampaniýa başlatdy. Butina ABŞ-nyň häkimiýetleri tarapyndan rus agenti bolmakda aýyplanýar.

29 ýaşyndaky Butina ABŞ-nyň FBI, ýagny Federal derňew býurosy tarapyndan tussag edilipdi. Şu hepde ol dildüwşük etmekde we daşary ýurt agenti bolmakda aýyplandy. Şeýle-de, ol Orsýetiň bähbitlerini ilerletmek maksady bilen syýasy toparlara, şol sanda güýçli Milli tüpeň assosiasiýasyna syzyp girmäge synanyşmakda aýyplandy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Twitter hasabyndaky suraty Butinanyň suratyna çalşyp, #FreeMariaButina heştägini mahabatlandyrdy we Butinanyň tarapdarlaryndan hem muny öz sosial ulgamlardaky sahypalarynda tekrarlamagy sorady.

19-njy iýulda Orsýetiň habar guramalary Waşintondaky rus konsulhanasynyň resmileriniň tussaghana baryp, Butina bilen duşuşandygyny we onuň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG