Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel Germaniýanyň ABŞ bilen ‘basyş astyndaky’ gatnaşyklarynyň üstünde işlemegi wada berdi


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel. 20-nji iýul, 2018 ý.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel. 20-nji iýul, 2018 ý.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel öz ýurdunyň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşygyny “basyş astynda”, emma “möhüm” diýip häsiýetlendirip, özüniň munuň üstünde işlejekdigini aýtdy.

Merkel bu barada 20-nji iýulda, ýagny geçen hepde Birleşen Ştatlaryň prezidenti Doland Tramp Berlini rus energiýa importyna garaşlylygy sebäpli Orsýetiň “ýesiri” bolmakda aýyplandan soň geçiren giň gerimli metbugat konferensiýasynda mälim etdi.

11-nji iýulda Brýusselde geçirilen NATO ýygnagynda Tramp Germaniýany has köp rus gazyny import etmek üçin bahasy 11 milliard amerikan dollaryna barabar bolan Baltik deňzindäki gazgeçirijini goldamakda tankyt edipdi.

“Germaniýa Orsýetiň ýesiri, sebäbi ol Orsýetden şeýle köp energiýa satyn alýar. Germaniýa dolulygyna Orsýet tarapyndan kontrol edilýär” diýip, Tramp belläpdi.

XS
SM
MD
LG