Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Putiniň gündogar Ukrainada referendum geçirmek teklibini “goldamak pikirini etmeýär"


Öz-özüni jar eden Donetsk halk respublikasynyň söweşijileri

ABŞ adminstrasiýasy özüniň rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan 16-njy iýulda Helsinkide geçirilen sammit mahalynda gündogar Ukrainanyň hökümete garşy ýaragly göreş alnyp barylýan regionlarynda referendum geçirmek barada edilen teklibi “goldamak pikirini etmeýändigini” aýtdy.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Garrett Markuis 20-nji iýulda “bu diýilýän referendumy” geçirmegiň “kanuny bolmajakdygyny” aýtdy.

Orsýetiň ABŞ-daky ilçisi Anatoliý Antonow şol gün irden Tramp bilen Putiniň sammit gepleşikleri mahalynda gündogar Ukrainadaky uruş-gowgany ýatyrmagyň “anyk tekliplerini” ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Tramp twitterde özüniň Helsinkide Putin bilen Ukrainadaky ýagdaýy maslahatlaşandygyny aýtdy, emma referendum geçirmek ähtimallygyny ýa Ukraina dahylly gürrüňleriň beýleki detallaryny açmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG