Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda doglan german raýaty awtobusyň üstünde 10 adamy pyçaklady


Bejergi alýan ýolagçylar. Lýuibek, 20-nji iýul, 2018.
Bejergi alýan ýolagçylar. Lýuibek, 20-nji iýul, 2018.

Eýranda doglan german raýaty demirgazyk Germaniýada bir awtobusyň üstünde 10 adamy pyçaklap, tussag edildi.

Häkimiýetler 20-nji iýulda demirgazykdaky Lýubek şäherinde ýerli awtobusyň üstünde bolan hüjümiň sebäbi hakynda ýeterlik maglumatyňýokdugyny, güman edilýän terror ilteşiginiň ýa radikallaşma alamatlarynyň anyklanylmandygyny aýtdylar.

Başda 14 adamyň ýaraly bolandygy aýdyldy, soň bu san 10-a düşdi. Azyndan üç ýaralynyň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Şäher prokuraturasynyň sözçüsi güman edilýän 34 ýaşyndadygyny, Eýranda doglan, emma uzak wagt bäri Lýubekde ýaşaýandygyny, german raýaty bolup durýandygyny gürrüň berdi.

Tussag edilen hüjümçi derňewçileriň soraglaryna jogap bermekden boýun gaçyrdy.

XS
SM
MD
LG