Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukraina goşmaça $200 million goranyş kömegini berýär

Ukraina, Kiýewiň etegindäki polisiýa tälim bazasynyň gadalynda parlaýan ukrain we amerikan baýdaklary.
Ukraina, Kiýewiň etegindäki polisiýa tälim bazasynyň gadalynda parlaýan ukrain we amerikan baýdaklary.

Birleşen Ştatlar Ukraina howpsuzlyk maliýeleşdirmeleri üçin goşmaça $200 million serişde berer.

ABŞ-nyň Goranmak departamenti 20-nji iýulda bu serişdeleri “Ukrain goşunlarynyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen tälim, enjam we geňeş-maslahat tagallalary üçin berjekdigini” yglan etdi.

Täze maliýeleşdirme “ dowam edýän tälim beriş programmalaryna we operasiýa ätiýaçlyklaryna goldaw bermäge gönükdiriler” diýip, beýanatda aýdylýar.

Birleşen Ştatlar 2014-nji ýyldan bäri, goňşusy Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edip, gündogar Ukrainadaky seperatist hereketlerine meçew bereninden soň, Ukraina jemi 1 milliard dollardan gowrak serişdä durýan goranyş kömegini berdi.

Bu konfliktde 2014-nji ýyldan bäri 10 müň 300-den gowrak adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG