Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öldürilen gazak buzda taýyjysyny soňky ýoluna ugratmaga müňlerçe adam toplandy


 Denis Ten bilen hoşlaşyk. Almaty, 21-nji iýul, 2018.
Denis Ten bilen hoşlaşyk. Almaty, 21-nji iýul, 2018.

Almatyda Gazagystanyň figuralaýyn taýmakda olimpiýa medalisti Denis Teni soňky ýoluna ugratmaga müňlerçe adam toplandy. 25 ýaşyndaky atlet we milli gahryman biraz öň pyçaklanyp, iki gün mundan öň Almatydaky hassahanada aradan çykdy.

Jaýlanyş dabarasy Almatydaky Baluan Şolak sport köşgünde, Teniň 17 ýaşynda, 2011-nji ýyldaky Gyşky Aziýa oýunlarynda altyn we kümüş medallary utan binasynda gurnaldy.

5 müň orunlyk desga Teni jaýlamaga gelen adamlardan agzy-burny bilen doldy, ýene müňlerçe adam bolsa, Teniň tabydyny egnine alyp, öz soňky hyzmatyny bitirmek umydy bilen, köşkden daşarda garaşdy.

Teniň tabydynyň we medallarynyň goýlan ýerlerine gül çemenlerini goýýan adamlaryň köpüsiniň gözleri ýaşly.

"Bu gün Gazagystan we tutuş dünýä ýas tutýar” diýip, Gazagystanyň medeniýet we sport ministri Arystanbek Muhamediuly dabarada sözlän sözünde aýtdy.

“Biz dünýäni has rehimdar we gözel ýer etmek islän adamy ýitirdik” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gazagystanyň paýtagty Astanada-da, şol bir wagtda ugurdaş gurnalan ýas çärelerine ýüzlerçe adam gatnaşdy.

Denis Ten topraga berildi.
Denis Ten topraga berildi.

Almatydaky jaýlanyş dabarasy tamam bolandan soň, Teniň jesedi Almaty sebitindäki Družba şäherine alnyp gidildi we şol ýerde topraga berildi.

Teniň 19-njy iýulda, merkezi Almatyda pyçaklanyp öldürilmegi bilen bagly derňewiň çäginde iki erkek tussag edildi.

Almaty şäher polisiýasy 24 ýaşly Arman Kudaibergenowyň (günortadaky Kyzylorda sebitinden) 20-nji iýulda Almatynyň Aksaý etrabynda tussag edilendigini aýtdy. Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, ol Teni pyçaklandygyny boýun aldy.

Almatynyň şäher prokurory Berik Žuýriktaew 20-nji iýulda žurnalistlere ýene bir güman edilýäniň, 1994-nji ýylda doglan Nuraly Kiyasowyň (günoratdaky Žambyl sebitinden) tussag edilendigini we onuň bu işe baglanyşygyny boýun alandygyny aýtdy.

Iýunda 25 ýaşy dolan Ten maşynynyň aýnasyny ogurlamaga çalyşýan erkekler bilen gapma-garşy bolanyndan soň, ýakalaşma mahalynda pyçaklandy.

Ol üç sagat soňra Almatydaky bir hassahanada, bykynyndan gaýta-gaýta urlan pyçak ýaralary zerarly aradan çykdy.

Denis Ten Soçide 2014-nji ýylda geçen Gyşky Olimpiýadada çykyş edýär.
Denis Ten Soçide 2014-nji ýylda geçen Gyşky Olimpiýadada çykyş edýär.

Ten 2014-nji ýyldaky Soçi olimpiýadasynda bürünç medal gazanyp, olimpiýa medalyny utan ilkinji gazak figuraçysy boldy.

Şeýle-de ol 2013-nji we 2015-nji ýyllardaky dünýä çempionatlarynda bürünç we kümüş medallary utdy.

XS
SM
MD
LG