Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň aňtaw direktory Trampa hormatsyzlyk etmändigini aýdýar


Dan Koats (Dan Coats) Aspen institutynyň howpsuzlyk forumynda çykyş edýär.
Dan Koats (Dan Coats) Aspen institutynyň howpsuzlyk forumynda çykyş edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň aňtaw direktory (DNI) metbugata jogap berende rus prezidenti basym Ak tama sapar etjege meňzeýär diýmek bilen prezident babatynda hormat-sylagsyzlyk etmändigini aýdýar.

ABŞ metbugaty DNI-iň direktory 19-njy iýulda Aspen institutynyň howpsuzlyk forumynda interwiýu berende prezidenti ýaňsylan ýaly gülenden soň, Trampyň oňa gahary geldi diýdi. Şondansoň Dan Koats (Dan Coats) 21-nji iýulda beýanat çap etdi.

“Käbir metbugat habarlarynda meniň göni söhbetdeşlik mahalynda soňky täzelik barada aýdan zatlaryma ýalňyş many berildi. Meniň oňaýsyzdygyny boýun alýan jogabym hiç bir jähetden prezidente hormatsyzlygy ýa-da onuň hereketlerini tankytlamagy aňlatmaýar” diýip, Koatsyň beýanatynda aýdylýar.

“Men we tutuş aňtaw jemgyýetçiligi, prezident Trampyň biziň öňde duran saýlawlarymyza Orsýetiň garyşmagynyň öňüni almak, parahatçylgy berkarar etmek, howply režimleri ýadro ýaraglaryndan saplamak we biziň ýurdumyzy hem ýaranlarymyzy goramak üçin alyp barýan tagallalaryny goldamak maksady bilen, ony habardar etmek üçin mümkin bolan iň gowy aňtaw maglumatlaryny toplamaga ygrarly” diýip, Koats sözüniň üstüni ýetirdi.

75 ýaşyndaky Koats öz telewideniýede berlen intewiýusynda Trampyň Putin bilen başa-baş duşuşmagyny islemändigini aýtdy we onuň ABŞ-nyň aňtaw agentliklerini açyk kiçeltmeginden lapykeçlik bildirdi.

XS
SM
MD
LG