Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hameneýi, eger eýran eksporty togtadylsa,regionyň nebit eksportyny petiklemegi goldaýar


Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneýi 21-nji iýulda prezident Hassan Rohaniniň, eger öz eksporty togtadylsa, Eýran Pars aýlagyndan nebit eksport edilmeginiň öňüni baglap biler diýen pikirini goldady.

Hameneýiniň websaýty Hameneýiniň Rohaniniň iýulyň başynda “Eger Eýran nebit eksport etmese, regional ýurtlar hem nebit eksport etmez” diýen sözlerini oňlandygyny habar berdi.

Websaýtda Rohaniniň sözleriniň “möhüm bellikler bolandygy we [Eýran] sistemasynyň syýasatyny we çemeleşmesini şöhlelendirýändigi” aýdylýar.

Rohaniniň goňşy ýurtlaryň nebit ýükleriniň öňüniň baglanjagy baradaky gönümel haýbaty Waşingtonyň gutulgusyz sanksiýalaryna we ABŞ-nyň ähli ýurtlary eýran nebitini satyn almakdan ýüz öwürmäge mejbur etmek barada edýän tagallalaryna reaksiýa boldy.

Eýran resmileri mundan öň hem Pars aýlagyndan açyk deňze çykylýan Hormuz geçelgesini ýapmak haýbatyny atypdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG