Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa Tährana garşy duşmançylykly syýahat ýöretmezlik barada maslahat berip, “Amerika Eýran bilen parahatçylykda bolmagyň ähli parahatçylygyň enesidigini, Eýran bilen uruşmagyň ähli uruşlaryň enesidigini” bilmeli diýdi.
"Jenap Tramp, şiriň guýrugyny oýnama, bu diňe ökünje alyp barar” diýip, resmi IRNA habar gullugy Rohaniniň 22-nji iýulda eýranly diplomatlaryň ýygnanyşygynda aýdan sözlerini sitirledi.
Tramp maý aýynda Birleşen Ştatlaryň 2015-nji ýylda Tähran bilen dünýäniň alty döwletiniň baglaşan ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny we berk sanksiýalary gaýtadan girizýändigini yglan etdi. Bu çäre Eýran tarapyndan berk tankyt edildi.
Rohani bu basyşyň ýurtdaky milli bitewiligi berkidendigini aýtdy. “Biz öňküden has agzybir bolduk, haýbatlar bizi bir ýere jemleýär” diýip, Rohani aýtdy. “Biz Amerikany gürrüňsiz ýeňeris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de ol Birleşen Ştatlary ruhanylar gurluşyny “agdarmak” we ýurtda bölünişik döretmek üçin işlemekde aýyplady.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.