Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum Kabula dolanyp gelýär


Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum, arhiw suraty
Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum, arhiw suraty

Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostumyň 22-nji iýulda Kabula dolanyp gelmegine garaşylýar, ol bir ýyldan gowrak öň, geçen ýyl öz adamlaryna syýasy garşydaşyny alyp gaçmagy, urmagy we zorlamagy buýurmakda aýyplanyp, ýurtdan gaçypdy.

Ozal kuwwatly uruş serkerdesi bolan Dostum, owgan paýtagtyna şu gün giçlik geler diýip, prezidentiň sözçüsi Haroon Çakhansuri aýtdy.

Etniki özbeklerden bolan Dostum Türkiýede saglyk bejergisini aldy we indi onuň ýagdaýy gowy, ol öz işini dowam etdirer diýip, sözçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Dostum ýurtdan 2017-nji ýylda, baş prokuroryň edarasy onuň adamlarynyň syýasy garşydaşa öwrülen ozalky ýaranyny gynandyklary we zorlandyklary barada aýdylýanlary derňemek üçin jenaýat işini gozgandan soň gitdi.

Dostum bu aýyplamalary ret etdi we özüniň saglygyny barlatmak we maşgala sebäpleri üçin gidýändigini aýtdy.

Dostumyň aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boljagy ýa däldigi aýdyň däl.Hökümet sözçüsiniň orunbasary Azatlyk radiosyna 21-nji iýulda “kanun meseleleriniň kanun esasynda çözüljekdigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG