Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan: Saýlaw kandidaty janyndan geçen bombaçynyň pidasy boldy


Pakistan, polisiýa saýlaw howpsuzlygy praktikasynda adamlary barlaýar. Karaçi, 20-nji iýul.

Pakistanyň saýlaw dalaşgärleriniň biri janyndan geçen bombaçynyň hüjüminde wepat boldy.

Ýurtda 25-nji iýulda geçiriljek saýlawlara dahylly zorlukly wakalaryň soňkusynda birnäçe adam ýaraly hem boldy.

Polisiýa we hassahana resmileri Ikramullah Gandapuryň harby hassahanada 22-nji iýuldaky hüjümde alan ýaralaryndan wepat bolandygyny aýtdylar.

Ol oppozision lider Imran Hanyň partiýasyndan dalaşgärlige goşulypdy.

Gandapuryň sürüjisi hem wepat boldy. Polisiýa onuň öz ýaşaýan ýerinden syýasy üýşmeleňe ugran mahaly nyşana alnandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG