Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň Kürdistan regionyndaky hökümet binasyna ýaragly adamlar hüjüm etdi


Kürt peşmerga güýçleri. Arhiwden alnan surat
Kürt peşmerga güýçleri. Arhiwden alnan surat

Ýaragly adamlar Yragyň demirgazygynda ýerleşýän kürt şäheri Irbildäki hökümet binasyna hüjüm edip, birnäçe polisiýa işgärini ýaraladylar diýip, resmiler aýdýarlar.

23-nji iýulda ýaragly adamlaryň Kürdistan regional hökümetiniň (KRH) Irbildäki binasyna hüjüm etmegi netijesinde hüjümçiler bilen polisiýa işgärleriniň arasynda çaknyşyklar emele geldi.

“Ýaragly adamlar dört gatly jaýyň soňky gatyna kontrollyk edýärler” diýip, Irbiliň häkiminiň orunbasary Tahir Abdullah aýtdy.

Onuň sözlerine görä, howpsuzlyk güýçleri binanyň daşyny gabap, ýaragly adamlara hüjüm etmäge taýýarlanýar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzire çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

Kürt resmileri ýaragly adamlaryň “Yslam döwleti” ekstremist toparyň agzasy bolup biljekdigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG