Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda AÝ/AR-nyň žurnalisti Ulanbek Egizbaýew aradan çykdy


Ulanbek Egizbaýew
Ulanbek Egizbaýew

Gyrgyzystanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, ýagny “Azattygyň” žurnalisti Ulanbek Egizbaýew aradan çykdy diýip, redaksiýa habar berýär. Ol 28 ýaşyndady.

Mälim bolşuna görä, 22-nji iýul güni öýlän Çolpan-Ata plýažyndaky adamlar Ulanbekiň suwa gark bolýandygyny görüp, ony suwuň kenaryna çykarýarlar. Bihuş ýagdaýdaky Ulanbeki keselhana alyp gidýärler we ol bu ýerde aradan çykýar.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi wakanyň bolan ýerinde operatiw-derňew toparynyň iş alyp barýandygyny we hadysanyň jikme-jikleriniň anyklaýandygyny mälim etdi.

Egizbaýew 2013-nji ýylda “Manas” adyndaky gyrgyz-türk uniwersitetiniň Kommunikasiýa fakultetini tamamlady. 2015-nji ýylda ol Bişkegiň gumanitar uniwersitetinden Politologiýa boýunça magistr derejesiniň diplomyny aldy.

Nurgazynyň arzuwy... we ýeňişi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:57 0:00

2016-njy ýylda Ulanbek Egizbaýewiň “Arzuw” atly wideo maglumaty “Webby Awardsyň” sylagyna mynasyp boldy. Ol bu sylagy almak üçin wideo maglumatyň gahrymany Nurgazy bilen Nýu-Ýorka gitdi.

Şeýle-de, 2016-njy ýylda ol Gyrgyzystanyň Hormatly hatyna mynasyp boldy. Mundanam başga, ol 2017-nji ýylda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy guramasynyň Parlamentara assambleýasynyň sylagyna eýe boldy. Oňa bu sylag “metbugaty we informasiýany ösdürmekde eden hyzmaty üçin” berildi.

Soňky wagtda Ulanbek hökümet resmileriniň arasynda korrupsiýa faktlaryny, şol sanda gyrgyz paýtagtyndaky elit raýonlarda ýeriň we Bişkekdäki gonamçylykda mazarlaryň bikanun satylşyny derňeýärdi. “Azattygyň” maglumatyna görä, soňky wagtlarda oňa telefon we poçta arkaly haýbat atylýardy.

Mundan bir aý öň – 22-nji iýunda – Ulanbek “Gyzyl galam” atly baýraga mynasyp boldy.

XS
SM
MD
LG