Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Trampyň tankytçylaryna garşy çäre görmek haýbatyny atýar


ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň öňki ýolbaşçylarynyň we resmileriniň bile ýerleşdirilen suratlary
ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň öňki ýolbaşçylarynyň we resmileriniň bile ýerleşdirilen suratlary

Ak Tam ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Orsýet babatyndaky hökümet sanksiýalaryny ýatyrmak pozisiýasyny ýazgarýan we onuň başga pikirleri basyp ýatyrmak arkaly öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanýandygyny aýdýan alty tankytça garşy çäre görmek bilen haýbat atýar.

23-nji iýulda Ak Tam ABŞ-nyň aňtaw we kanun goraýjy edaralarynyň öňki ýolbaşçylaryny nyşana alýandygyny mälim etdi. Tramp olaryň ikisini özüniň 2016-njy ýylda saýlaw kampaniýasynyň Orsýet bilen arabaglanyşygy boýunça Federal derňew býurosy (FBI) tarapyndan geçirilen derňewler sebäpli iş başyndan çetleşdiripdi.

Ak Tamyň metbugat wekili Sarah Sanders agzalan alty sany öňki resminiň, olaryň “syýasylaşdyrylandygy we Orsýet bilen nädogry aragatnaşyk ýa-da Orsýetiň täsiri astyna düşmek ýaly esassyz aýyplamalary öňe sürmek üçin öz jemgyýetçilik we howpsuzlyk ygtyýarlyklaryndan peýdalanandygy” sebäpli nyşana alynýandygyny habar berdi.

Trampyň geçen hepdede Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygyny tankyt eden resmileriň biri Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) öňki başlygy John Brennan.

XS
SM
MD
LG