Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde ýaş türkmen futbolçylary Eýranyň komandasy bilen duşuşýar


Türkmenistanly ýaş futbolçylar, Bişkek, aprel, 2017.
Türkmenistanly ýaş futbolçylar, Bişkek, aprel, 2017.

24-nji iýulda Merkezi Aziýanyň futbol boýunça assosiasiýasynyň (CAFA) Daşkentde geçýän çempionatynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy komandasy oýunlaryň ikinji tapgyrynda Eýranyň futbol komandasy bilen duşuşýar.

Türkmenistanyň ýaş futbolçylarynyň çempionatdaky birinji oýnunyň şowsuz bolup, olaryň Özbegistanyň komandasyndan 1:4 hasap bilen utulandygyny hökümete ýakyn Turkmenportal neşri habar berýär.

Maglumata görä, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaş futbolçylarynyň birinji duşuşygy 22-nji iýulda Daşkentiň milli stadionynda 123 tomaşaçynyň gatnaşmagynda bolupdyr. Alty sany komandanyň gatnaşmagynda 15 ýaşyna ýetmedik futbolçylaryň arasynda geçirilýän bu ýaryşda Türkmenistanyň komandasy Batyr Şihiýewiň goly astynda çykyş edýär.

“CAFA U-15” çempionaty 30-njy iýulda tamamlanar.

XS
SM
MD
LG