Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistan bäş ýaşly täjik gyzy öldüren adamyň ‘agyr jezalandyrylmagyny’ talap edýär


Bäş ýaşyndaky täjik gyzy Huwaido Tillozoda

Täjigistan Russiýadan şu hepde Moskwanyň golaýynda bäş ýaşyndaky täjik gyzyny, häkimiýetleriň aýtmagyna görä, zorlan we soňra-da pyçaklap öldüren adama garşy yhlasly derňew işini amala aşyrmagy we onuň “agyr jezalandyrylmagyny” talap edýär.

25-nji iýulda Täjigistanyň Daşary işler ministrligi özüniň rus Daşary işler ministrligine resmi hat iberendigini we onda “22-nji iýulda Serpuhowda bäş ýaşyndaky täjik raýaty Huwaido Tillozodanyň öldürilmeginiň erbet geň galdyrandygynyň we munuň Täjigistanyň halkyny gaharlandyrandygynyň” bellenilýändigini mälim etdi.

Täjigistanly zähmet migrantynyň gyzy Tillozodanyň jesedi Moskwanyň günortasyndaky Serpuhow demirýolunyň golaýynda, sport sumkasynyň içinde tapyldy. Ol 22-nji iýulda ýitirm bolupdy.

“Täjik tarapy Russiýa federasiýasyny... çaga garşy amala aşyrylan bu wagşy jenaýaty berk derňemäge çagyrýar we ýowuzlygyň adamkärçiliksiz hereketini amala aşyran jenaýatçynyň berk jezalandyrylmagyny talap edýär” diýlip, täjik Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

23-nji iýulda Orsýetiň Derňew komitetiniň regional bölümi bu waka boýunça şübheliniň tussag edilendigini mälim edipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG