Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek sudunyň karary ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasyndaky duşmançylygy güýçlendirýär


Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow we ýurduň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow we ýurduň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň sudy öňki prezident Almazbek Atambaýewiň iň soňky doly iş gününde işinden çetleşdirilen ýokary derejeli gümrük resmisiniň wezipesini gaýtadan dikeltdi. Bu waka öňki prezident Atambaýewiň gaharly reaksiýa bildirmegine sebäp boldy.

25-nji iýulda gyrgyz gümrük gullugynyň orunbasary Raiýmbek Matraimowyň wezipesini gaýtadan dikeldýän karar, Atambaýew bilen prezident Sooronbaý Jeenbekowyň arasyndaky duşmançylygy güýçlendirýär. Atambaýewiň öňki ýarany we öňki premýer-ministr Jeenbekow 2017-nji ýylyň noýabr aýynda prezident saýlandy.

Raimbek Matraimow
Raimbek Matraimow

Atambaýew Jeenbekowyň ýoldaşlaryny “syýasy opponentlere garşy repressiýany” amala aşyrmakda aýyplady.

Jeenbekowyň prezidentlige inaugurasiýasyndan bir gün öň, şol döwür premýer-ministr wezipesinde işlän Sapar Isakow “hökümetiň ynamyny ýitirdi” diýip, Matraimowy wezipesinden boşadypdy. Isakow iýun aýynyň başynda korrupsiýa şübhelerinde tussag edildi.

Şu ýylyň aprel aýynda Matraimow özüniň wezipeden çetleşdirilmeginiň bikanun esasda amala aşyrylandygyny aýdyp, bu barada şikaýat bilen suda ýüzlendi.

25-nji iýulda Bişkegiň Birinji Maý etrap sudunyň Matraimow barada çykaran kararyndan soň, öňki gyrgyz prezidenti Atambaýew suduň kararyny ýazgarýan we Jeenbekowy tankytlaýan ýörite beýanat ýaýratdy.

XS
SM
MD
LG