Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak sudy Almatynyň ozalky häkiminiň garşsyna gaýybana sud diňlenişigini açdy


Almatynyň ozalky şäher häkimi Wiktor Hrapunow

Gazak sudy 26-njy iýulda Almatynyň ozalky şäher häkimi Wiktor Hrapunowyň we onuň aýaly Leýla Hrapunowanyň garşysyna gozgalan jenaýat işi boýunça deslapky diňlenişini açdy.

Şweýsariýada ýaşaýan är-aýal gaýybana jenaýatçy topar döretmekde we işletmekde, pul ýuwmakda, wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmakda hem-de ogrulykda aýyplanýar.

Şeýle-de bu iş boýunça Hrapunow 1997-2004-nji ýyllar aralygynda şäher häkimi bolan wagtynda onuň gol astynda işlän on adam jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Almatydan çykmazlyk buýrulansoň, olar diňlenişige gatnaşdylar.

Hrapunow Almatynyň şäher häkimi bolup işläninden soň gündogar Gazagystan regionynyň gubernatorlygyna bellenildi. Ol 2007-nji ýylda bu wezipeden boşadyldy we az wagt adatdan daşary ýagdaýlar ministri bolup işledi.

Hrapunow we onuň maşgalasy Şweýsariýa 2007-nji ýylda, onuň şäher häkimi döwründe bikanun paýlanylandygy aýdylýan ýer uçastoklarynyň üstünde galmagal turanyndan soň göçdi.

Hrapunow özüne we aýalyna garşy bildirilýän aýyplamalary ret edýär we olaryň syýasy äheňlidigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG