Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan: Resmi netijeler saýlawlarda oppozision lider Imran Hanyň ýeňiji bolandygyny görkezýär


Imran Han

Pakistanyň saýlawlarynda resmi netijeler oppozision lider Imran Hanyň Tehrik-e Insaf (PTI) partiýasynyň ýeňiji bolandygyny we ýurduň parlamentindäki, ýagny Milli Assambleýasyndaky 269 orundan 109-syny eýeländigini görkezýär.

Ýöne Tehrik-e Insaf (PTI) partiýasy parlamente kontrollyk etmek üçin gerekli 137 orny eýeläp bilmändigi sebäpli, koalision hökümeti düzmek üçin ýurduň kanun çykaryjy organynda özüne ýaran gözlemeli bolar.

Pakistanyň saýlaw resmileriniň 27-nji iýulda irden beren maglumatyna görä, saýlaw netijeleri Hanyň iň ýakyn bäsdeşiniň – tussaglykdaky öňki premýer-ministr Nawaz Şarifiň häzirki wagtda ýurdy dolandyrýan “Pakistanyň musulman ligasy – Nawaz” partiýasynyň – parlamentde 63 ýer alandygyny görkezýär.

Saýlawlaryň netijesinde parlamentde iň köp ýeri alan üçünji partiýa “Pakistanyň halk partiýasy” bolup, ol häzire çenli 39 orny eýeledi. Parlamentdäki ýene 20 orun üçin sesler henizem sanalýar diýip, “AP” habar agentligi aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG