Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary Täjigistany oppozisiýa agzasynyň agyr kesellän çagasynyň syýahat gadaganlygyny ýatyrmaga çagyrýar


Ibrohim Hamza Tillozoda
Ibrohim Hamza Tillozoda

“Human Rights Watch” guramasy we Norwegiýanyň Helsinki komiteti Täjigistany “syýasy äheňly syýahat gadaganlygyny” bes edip, oppozisiýa agzasynyň agyr keselli oglunyň daşary ýurtda bejergi almagyna ýol açmaga çagyrdy.

Hukuk toparlarynyň 27-nji iýulda çap edilen beýanatlarynda dört ýaşyndaky Ibrohim Hamza Tillozodanyň, oppozisiýa agzasy Ruhullo Tillozodanyň oglunyň, oppozisiýa lideri, Täjigistanyň Yslamçy Täzeden döreýiş partiýasynyň başlygy Muhiddin Kabiriniň agtygynyň jana howp salýan düwnük keseli bilen keselländigi we Täjigistandaky doktorlaryň ony bejerip bilmeýändikleri aýdylýar.

Tilozada we Kabiri Täjigistany 2015-nji ýylda, döwlet ýanamalaryndan gutulmak üçin terk etdiler.

Täjik häkimiýetleri2015-nji ýylyň aýagynda Hamzanyň ejesiniň we beýleki maşgala agzalarynyň syýahat dokumentlerini konfiskasiýa edip, olaryň ýurtdan çykmak mümkinçilikleriniň öňüni aldylar diýip, hukuk toparlary belleýär.

XS
SM
MD
LG