Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ýazyjysy we ozalky sowet dissidenti Wladimir Woýnowiç 85 ýaşynda aradan çykdy


Wladimir Woýnowiç, 2014 ý.
Wladimir Woýnowiç, 2014 ý.

Rus ýazyjysy we ozalky sowet dissidenti Wladimir Woýnowiç 85 ýaşynda aradan çykdy diýip, rus mediasy habar berdi.

TASS habar gullugy ýazyjynyň aýaly Swetlana Kolesniçenko salgylanyp, merhumyň 30-njy iýulda jaýlanylmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Woýnowiç 1932-nji ýylyň sentýabrynda Täjigisytanyň paýtagty Stalinabatda doguldy, Duşenbe o mahal şeýle atlandyrylýardy. Onuň kakasy 1936-njy ýylda sowetlere garşy agitasiýa ýörtemek aýyplamasynda tussag edilip, bäş ýylyny diktator Iosif Staliniň zähmet-düzediş lagerlerinde geçirdi.

Wladimir Woýnowiçiň “Esger Iwan Çonkiniň ömri we adatdan daşary başdan geçirmeleri” atly satiriki romanynyň ilkinji bölegi 1969-njy ýylda çap edildi, ikinji bölegi bolsa 10 ýyl soň okyjylara ýetdi.

Şeýle-de ol 1987-nji ýyldaky “Moskwa 2042” atly romany bilen tanaldy.

Sowet hökümeti1974-nji ýylda Woýnowiçe ýazýan zatlary we adam hukuklary babatda alyp barýan işleri üçin azar bermäge başlad. Ol 1980-nji ýylda raýatlykdan çykarylyp, daşarky sürgüne gitmäge mejbur edildi we az wagtlyk Azatlyk radiosynda hem işledi.

Onuň raýatlygy on ýyl soňra sowet prezidenti Mihail Gorbaçýew tarapyndan dikeldildi we ýazyjy ýurduna dolanyp bardy.

XS
SM
MD
LG