Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Indoneziýanyň Lombok adasynda bolan ýer yranmasynda azyndan 14 adam öldi


Ýykylan jaýynyň içindäki harabalaryň üstünden geçýän adam

Indoneziýanyň meşhur syýahatçylyk menzilinde bolan ýer yranmasynda azyndan 14 adam öldi we 160-dan gowrak adam ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar.

Indoneziýanyň merkezi Lombok adasynda 29-njy iýulda bolan 6.4 magnitýudly ýer yranmasynda müňlerçe jaýa zyýan ýetdi diýip, tebigy hadysalaryň yzyny arassalaýan milli edaranyň sözçüsi Purwo Nugroho aýtdy.

Nugroho pidalaryň sanynyň artmagynyň ahmaldygyny, sebäbi maglumatlary ýygnamagyň dowam edýändigini aýtdy.

Bali adasyndan 40 km çemesi gündogarda ýerleşýän Lombok adasynda dünýäniň çar künjeginden syýahatçy gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG