Orsýetiň hökümetiniň raýatlaryň pensiýa ýaşyny galdyrmak planyna garşy 29-njy iýulda Moskwanyň merkezinde müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen protest aksiýasynda polisiýa tarapyndan tussag edilen üç adam, şol sanda Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň baş kömekçisi boşadyldy.
Nawalnynyň Orsýetiň geljegi atly partiýasynyň başlygy Sergeý Boýko "administratiw düzgün bozmalar barada protokolyň" düzülmeginden soň özüniň tussaglykdan boşadylandygyny, diňlenişigiň 2-nji awgusta bellenendigini Twitter arkaly habar berdi.
Boýko birnäçe sagatdan soň Twitter hasabynda özüniň, oppozision syýasatçynyň kömekçisi Oleg Stepanowyň we ýörişiň guramaçysy Mihail Çiçkowyň 29-njy iýulda tussaglykda oturan wagtynda düşürilen suratyny ýerleşdirdi.
Stepanow Twitter hasabynda çap eden maglumatynda özüniň "Putin ogry" diýip gygyran şygarynyň ýörişiň temasyna gabat gelmeýändigi üçin tussag edilendigini we munuň protokolda görkezilendigini ýazdy.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!