Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň Günorta Kawkaz boýunça wekili Azerbaýjanyň prezidenti bilen duşuşdy


Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili Toiwo Klaar 

Ýewropa Bileleşiginiň Günorta Kawkaz boýunça wekili ÝB-niň we Bakuwyň arasynda täze ylalaşyk boýunça pikir alyşmak tagallalarynyň çäginde Azerbaýjana sapar edýär.

Prezident Ilham Aliýewiň edarasynyň habar bermegine görä, Aliýew we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili Toiwo Klaar 30-njy iýulda geçiren duşuşygynda ÝB-Azerbaýjan hyzmatdaşlygyny we Daglyk-Garabag konfliktini maslahat edipdir.

Maglumata görä, Aliýew öz ýurdunyň ÝB we NATO bilen hyzmatdaşlygynyň "üstünliklidigini" nygtapdyr.

Taraplar 1996-njy ýylyň Partnýorlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň ýerine täze ylalaşyk ugrunda gepleşik geçirýärler. Bu gepleşikler 2017-nji ýylyň fewral aýynda başlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG