Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik resmileri gadagan edilen yslam partiýasyny daşary ýurtlylary öldürmekde aýyplady


29-njy iýulda ýerli wagt bilen 15:30 töweregi täjik paýtagtynyň ortaça 150 kilometr günortasyndaky Hatlan regionynyň Dangara etrabynda bolan wakada başga-da azyndan üç daşary ýurtly ýaralandy.
29-njy iýulda ýerli wagt bilen 15:30 töweregi täjik paýtagtynyň ortaça 150 kilometr günortasyndaky Hatlan regionynyň Dangara etrabynda bolan wakada başga-da azyndan üç daşary ýurtly ýaralandy.

Täjik hökümeti geçen hepde dört welosipedçiniň ölümine getiren hüjümiň arkasynda ýurtda gadagan edilen Täjigistanyň Yslam Galkynyş partiýasynyň durandygyny aýtdy.

Içeri işler ministrligi sişenbe güni ýaýradan beýanatynda hüjümçilere gürrüňi gidýän partiýanyň bir agzasynyň ýolbaşçylyk edendigini aýtdy. Bu maglumatlar tussag edilen bir şübhelenýän bilen geçirilen soragda belli bolupdyr.

Ministrlik toparyň lideriniň Eýranda tälim alandygyny, şeýle-de hüjümçileriň 29-njy iýuldaky hadysadan soň, Owganystana aşmakçy bolandyklaryny mälim etdi.

30-njy iýulda hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne aldy.

Duşenbeden ortaça 150 kilometr günortadaky Hatlan regionynyň Dangara etrabynda hüjümçiler, ilki bilen, daşary ýurtlylaryň üstüne ulagy sürdüler; soňra-da hüjümçileriň iň azyndan biri olary ýaragdan atdy we pyçaklady. Hüjümde iki ABŞ-ly, bir gollandiýaly we bir şwesiýaly öldi; başga-da üç daşary ýurtly, şol sanda fransiýanyň bir raýaty hem ýaralandy.

Täjigistanyň Yslam Galkynyş partiýasy 2015-nji ýylda “terrorist guramasy” hökmünde häsiýetlendirilip, gadagan edilipdi. Munuň yzy bilen, onuň onlarça agzasy hem tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG