Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD-nyň azyndan 200 söweşijisi owgan güýçlerine 'ýesir düşdi'


Darzap, jeňçilere garşy ýaraglanan aýallar.

Demirgazykdaky Jowuzjan welaýatynda ekstremist topara eýerijilerbilen “Talybanyň” arasynda barýan gyzgalaňly söweşler arasynda “Yslam döwleti” toparynyň onlarça söweşijisi owgan güýçlerine ýesir düşdi diýip, resmiler aýtdylar.

Welaýat polisiýasynyň başlygy Fakir Mohammad Jawzjani 1-nji awgustda Azatlyk radiosyna Derzap etrabynda 31-nji iýuldan bäriazyndan 200 jeňçiniň ýesir düşendigini aýtdy.

Jawzjani YD toparynyň demirgazyk Owganystandaky esasy mesgeniniň “Tapyban” toparynyň kontrolyna geçendigini, olaryň arasynda bir aýlap söweş gidendigini hem sözüne goşdy.

Derzap etrabynyň polisiýa başlygyMohammad Ismail hem YD toparynyň jeňçileriniň dowam edýän çaknyşyklaryň arasynda owgan güýçlerine ýesir düşýändiklerini tassyk etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG