Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Ermenistanyň Moskwa tarapdar ozalky liderleri aýyplamagyndan 'alada galýar'


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň Ermenistanyň täze ýolbaşçylarynyň korrupsiýa garşy kampaniýada nyşana almak bilen, Moskwa tarapdar ozalky liderlere garşy “syýasy” göçüm etmeginden alada galýandygyny aýtdy.

Lawrow bu sözleri 31-nji iýulda, Ermenistanyň ozalky prezidenti Robert Koçarýan 2008-nji ýylda öz mirasdaryna garşy guralan protestleri zorlukly basyp ýatyrmakda aýyplanandan soň aýtdy.

Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň ermeni başlygy Ýuri Haçaturow hem, Koçarýan ýaly, 2008-nji ýylda 10 adamy öldürmek bilen, Ermenistanyň konstitusion gurluşyny bozmakda aýyplandy.

Haçaturow-da,Koçarýan-da bu aýyplamalary ret etdi we olaryň syýasy äheňlidigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG