Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nižniý Nowgorodda ýiten rus žurnalisti 11 günden soň öli tapyldy


Nižniý Nowgorod, köçede gürleşýän aýallar.
Nižniý Nowgorod, köçede gürleşýän aýallar.

Moskwda çap edilýän “Argumenty i Fakty” (AiF) gazetiniň žurnalisti Sergeý Graçýow Nižniý Nowgorod şäherine iş saparyna gidip ýiteninden 11 gün soňra öli tapyldy.

AiF websaýtynyň redaktory Wladimir Şuşkin 1-nji awgustda feýsbukda Graçýowyň jesediniň Moskwdan 400 km gündogarda ýerleşýän şäherde tapylandygyny we onuň şahsyýetiniň anyklanylandygyny aýtdy.

Žurnalistiň ölüminiň sebäbi barada hiç bir zat aýdylmaýar.

Aif geçen hepde 38 ýaşyndaky Graçýowyň tapylmaýandygyny, onuň soňky gezek 21-nji iýulda Nižniý Nowgoroddaky Şereton myhmanhanasyndan çykyp barýarka görlendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG