Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ prokurorlary prezident Trampyň ozalky kampaniýa başlygyny salgytdan gaçmakda aýyplaýar


 Paul Manafort
Paul Manafort

Amerikan prokurorlary prezident Donald Trampyň ozalky kampaniýa başlygy Pol Manaforty (Paul Manafort) Ukrainanyň ozalky Orsýete tarapdar prezidenti üçin işläp gazanan millionlarça dollaryny daşary ýurt hasaplarynda gizläp, salgytdan gaçan adam hökmünde häsiýetlendirdiler.

Ol başda Trampyň kampaniýasynyň Orsýet bilen gatnaşyklary boýunça derňelip başlandy.

Manafort gymmatbaha jaýlary we maşynlary satyn alyp, “owadan eşiklere” ýarym milliondan gowrak pul harçlap, 21 müň dollarlyk sagat alnyp, juda baý durmuşda ýaşady diýip, prokuror 31-nji iýulda Wirjinia ştatyndaky ABŞ sudunda hökümetiň açyş beýanatynda aýtdy.

"Şu sud otagynda oturan adam kanunlar özüne degişli däl diýip bildi. Ne salgytlar, ne bank kanunlary” diýip, ýörite geňeşçi Robert Mýulleriň derňew toparynyň agzasy Uzo Asonye aýtdy.

Ol Manafortuň 18 madda boýunça aýyplanylýandygyny belläp, onuň ozalky ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç üçin işläp gazanan 60 million dollarynyň köp bölegi boýunça salgyt tölemändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Manafortuň öz girdejilerini daşary ýurtlardaky 30 bank hasabynda gizländigini, şol bir wagtda-da öz emlägi üçin ABŞ banklaryndan millionlap dollar karz almak üçin ýalan sözländigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG