Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ iki türk ministrine garşy sanksiýalary girizdi


Hristiýan pastory Andrew Brunson

Waşington Türkiýede ABŞ-ly bir pastoryň tussag edilmegine jogap hökmünde, iki türk ministrine garşy sanksiýalary girizdi. Ankara muňa garşylykly çäreler bilen jogap berjekdigine söz berdi.

50 ýaşly hristiýan pastory Andrew Brunson 2016-njy ýyldan bäri türk türmesinde saklanylýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO agza Türkiýä ençeme gezek ýüzlenip, eger-de pastor azatlyga goýberilmese sanksiýalaryň giriziljekdigini duýdurypdy. Tramp pastoryň günäsizdigini aýdýar.

Sanksiýalar türkiýäniň adalat ministri Abulhamit Güle we içeri işler ministri Süleýmän Soýlua garşy girizildi. Waşington olaryň Brusonyň tussag edilmeginde “esasy rollary oýnandyklaryny” nygtady.

Sanksiýalaryň çäginde Gülüň we Soýlunyň ABŞ-däki emläkleri doňdurylar we ABŞ-nyň firmalaryna olar bilen iş alyp barmagyna gadagançylyk giriziler.

Bu aralykda, prezident Rejep Taýyp Erdogan Brunsonyň ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethullah Gülene çalşyp boljakdygyny ýaňzatdy. Ankara Güleni 2016-njy ýylda başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda durmakda aýyplaýar. Waşington Güleni ekstradisiýa etmek üçin ýeterlik dellileriň ýokdugyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG