Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň missiýasy Afrikada rus žurnalistleriniň öldürilmegini derňemäge ýardam edýär


Merkezi Afrika Respublikasynyň paýgatty Bangui.
Merkezi Afrika Respublikasynyň paýgatty Bangui.

BMG-niň Merkezi Afrika Respublikasyndaky parahatçylygy goraýjy missiýasy ýerli häkimiýetlere üç rus žurnalistiniň öldürilmegini derňemäge ýardam berýärler.

Žurnalistler bu ýurda ÇWK Wagner – ýüzlerçe hakyna tutulan söweşijini iş bilen üpjün edýän hususy şertnamaçy gurama barada dokumental film taýýarlamak üçin barypdyrlar. Bu gurama, aýdylmagyna görä, Ukrainada we Siriýada Kremliň bähbidine ýerasty söweş missiýalaryny ýerine ýetiripdir.

BMG-niň metbugat wekili Farhan Hak Nýu-Ýorkda eden çykyşynda žurnalistler Orhan Jemalyň, Aleksandr Rastorguýewiň we Kirill Radçenkonyň bedenleriniň BMG-niň parahatçylygy goraýjylary tarapyndan tapyndygyny mälim etdi.

Merkezi Afrika Respublikasynda 2013-nji ýylda prezident Fransua Bozize agdarylandan soň, gazaplylyk has ýygjamlaşdy. Emma, BMG-niň missiýasy žurnalistleriň öldürilen sebitine gözegçiligiň edilendigini we bu ýerde soňky döwür uly howp abandyrýan ýagdaýlaryň ýüze çykmandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG