Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran täze sanksiýalaryň öňüsyrasy harby-deňiz türgenleşiklerine başlaýar


Eýranyň harby gämileri. Arhiw suraty.
Eýranyň harby gämileri. Arhiw suraty.

Eýran, ABŞ-nyň Tährana girizjek sanksiýalaryndan birnäçe gün öň, pars aýlagynda giň göwrümli harby-deňiz türgenleşiklerine başlaýar, diýip habar agentlikleri ABŞ-nyň resmilerine salgylanyp maglumat berýärler.

ABŞ-nyň bir resmisiniň Reuters agentligine beren maglumatyna görä, türgenleşiklere 100-den hem aşa gäminiň gatnaşýandygy çaklanylýar. Şeýle-de, bu hili türgenleşikleriň, adatça, güýz aýlarynda geçirilýändigi we munuň häzir amala aşyrylmagynyň kadadan çykmadygy bellenilip geçilýär.

Prezident Donald Tramp maýda ABŞ-ny Tähranyň ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has-da dartgynlaşypdy.

ABŞ-nyň Eýrana garşy girizjek täze sanksiýalarynyň ilkinji tapgyry 7-nji awgustda güýje girmeli.

XS
SM
MD
LG