Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: BMG-niň parahatçylygy goraýjylary Ysraýyl-Siriýa serhedine dolandylar


BMG-niň parahatçylygy goraýjylary. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
BMG-niň parahatçylygy goraýjylary. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

BMG-niň parahatçylygy goraýjylary soňky ýyllaryň içinde ilkinji gezek Siriýa bilen Ysraýylyň okkupirlän Golan Belentlikleriniň serhedine dolanyp, rus harby polisiýasy bilen gözegçilik geçirýärler diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi maglumat berdi.

Soňky aýlaryň dowamynda Russiýanyň goldaw bermegindäki siriýa güýçleriniň Ysraýyl bilen Iordaniýanyň serhet ýakalaryny gaýtadan gözegçiligine geçirmegi netijesinde, Ysraýyl Moskwany serhediň howpsuzlygyny üpjün etmäge we Eýranyň Siriýadaky täsirini gowşatmaga çagyrdy.

1974-nji ýylda Siriýa bilen Ysraýylyň arasyndaky uruşlardan soň, BMG-niň gözegçilik missiýasy serhet ýakalaryna ýerleşdirilipdi.

XS
SM
MD
LG