Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibirde ýykylan rus dikuçarynda 18 adam öldi


Mi-8 dikuçary

Orsýetiň Sibirde heläkçilige uçran dikuçarynda azyndan 18 adamyň wepat bolandygy aýdylýar.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi MI-8 dikuçarynyň ýerli wagt bilen sagat 10-larda, 4-nji awgustda, Igarka şäheriniň 180 km uzaklygynda aşak gaýdandygyny aýdýar.

Ministrlik başga detallary açmady.

Rus mediasy çeşmelere salgylanyp, bu hadysada dikuçaryň üç adamdan ybarat ekipažynyň we 15 ýolagçynyň heläk bolandygyny habar berýär.

Dikuçar heläkçiliginiň sebäbi bada-bat belli bolmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG