ABŞ, Moskwanyň Demirgazyk Koreýanyň işçilerine täze iş rugsatlaryny berip, gadaganlyklary bozandygy baradaky habarlaryň “örän alada goýýandygyny” aýdyp, Orsýeti Demirgazyk Koreýa babatdaky BMG sanksiýalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy.
ABŞ-nyň ýokary diplomatlarynyň 3-nji awgustdaky çagyryşy “Wall Street Journalda” Moskwanyň Demirgazyk Koreýanyň müňlerçe täze işçisine ýurtda işlemek rugsadyny berip, sanksiýalary bozandygy barada berlen habardan bir gün soň edildi.
Orsýet bu aýyplamalary ret edýär.
Neşir Orsýetiň Içeri işler we Zähmet ministrlikleriniň maglumatlaryna salgylanyp, sentýabrdan bäri Orsýetde täze, demirgazyk koreýaly işçileriň 10 müňden gowragynyň hasaba alnandygyny, şu ýylyň özünde demirgazyk koreýalylar üçin Orsýetde azyndan 700 iş rugsadynyň çap edilendigini habar berýär.