Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hasapçy Manafortyň ukrain girdejilerini ýaşyrmaga kömek edişi barada görkezme berýär


Prezident Donald Trapmyň ozalky kampaniýa başlygy Pol Manafort

Ozalky hasapçy, prokurorlaryň salgyt we bank galplyklary derňewlerini ilerletmekleri netijesinde, prezident Donald Trapmyň ozalky kampaniýa başlygy Pol Manafortyň girdeji maglumatlaryny we salgyt beýanatlaryny galplaşdyrmaga kömek edişi barada görkezme berdi.

Sindi Laportanyň 3-nji awgustda, Manafortyň sud seljermeleriniň dördünji gününde beren görkezmesinde Manafortyň çylşyrmly maliýe işlerine, hususan-da onuň ukrain syýasatçylaryna, şol sanda ozalky prezident Wiktor Ýanukowiçe syýasy geňeşçiilik edip gazanan girdejilerine aýdyňlyk salynýar.

Laporta prokurorlaryň Manaforta garşy bildiren aýyplamalaryny esaslandyrmak üçin soraga çeken soňky hasapçylarynyň biri bolup durýar.

Manafort salgyt jarnamalarynda, karz beýanatlarynda we federal banka beren beýleki hasabatlarynda dürli galplyklara ýüz urmakda aýyplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG