Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Wenezuelanyň prezidenti Maduro 'kast ediş hüjüminden' aman galandygyny aýdýar


Göni alnyp görkezilýän telereportažda çykyş edip duran Maduronyň birden çykan gümpüldä aňalyp seredişi görünýär.

Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Maduro partlaýjy ýüklenen dron arkaly “janyna kast edilmek” synanyşygyndan aman galandygyny aýdýar.

4-nji awgustda Karakasda bir harby çäreden göni alnyp görkezilýän telereportažda çykyş edip duran Maduronyň birden çykan gümpüldä aňalyp seredişi, onlarça esgeriň dyr-pytrak bolup gaçyşlary görünýär.

Häkimiýetler Maduro tarapyndan Kolombia pitneçi toparyndan görlen hadysada ýedi esgeriň ýaraly bolandygyny aýdýarlar. Kolombia bu aýyplamanyň “esassyzdygyny” aýdyp, ony inkär etdi.

"Bu meni öldürmek üçin edilen hüjümdi, olar bu gün meniň janyma kast etmäge synandylar” diýip, Maduro biraz soň döwlet telewideniýesinde aýtdy. Ol uçýan bir zadyň öz öňünde partlandygyny aýtdy. Prezidente zyýan ýetmedi.

Baş prokuror Tarek William Saab CNN-e özüniň geçirilýän çäräni ýazgy edýän dronyň partlandygyny görendigini aýtdy.

Emma muňa garamazdan, derrew kesilen telesýužetde hiç bir dron görünmedi.

Şu aralykda, 4-nji awgust güni giçlik, özlerini “Köýnekli esgerleriň milli hereketi” diýip atlandyrýan graždan we harby pitne topary bu partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG