Pakistan polisiýasy demirgazykdaky Gilgit-Baltistan regionynda geçirilen operasiýada 12 mekdebe ot bermekde güman edilýän adamlaryň azyndan 17 sanysyny tussag etdi.
Bu hüjüm 3-nji awgust güni irden,Gilgit-Baltistanyň Diamer etrabynda gurnaldy. Gilgit-Baltistanyň ýerli adminstrasiýasynyň sözçüsi Faizullah Firak 5-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna bu operasiýanyň 4-nji awgustda başlanandygyny we şindi hem dowam edýändigini gürrüň berdi.
Polisiýa mekdep otlamagyň utgaşdyrylan hereket bolandygyny aýdýar.
Otlanan mekdepleriň ýarysy diňe gyzlar üçin mekdeplerdi, emma mekdepler ot berlen wagty ýapykdy we şu sebäpden ýangyndan ejir çekenler bolmady.
Mekdep otlamagyň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.
Ýangyndan soň ýaşaýjylar günäkärleri tapmagy talap edip, protest aksiýasyny gurnadylar.