Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Janyndan geçen bombaçy Owganystanda NATO-nyň üç esgerini öldürdi


General Jon Nikolson, Owganystandaky ABŞ goşunlarynyň komandiri

“Talybanyň” janyndan geçen bombaçysy gündogar Owganystanda NATO-nyň Aýgytly goldaw güýçleriniň üç agzasyny öldürdi diýip, ABŞ harbylarynyň 5-nji awgustdaky beýanatynda aýdylýar.

Çeh harbylary öldürilenleriň üçüsiniň hem çeh raýatlarydygyny aýdyp, beýanat çap etdi.

"Olaryň pidakärligi biziň ýüreklerimizde we taryhda orun alar hem-de biziň aýgytlylygymyzy berkider" diýip, ABŞ goşunlarynyň generaly, ABŞ-Owganystan Aýgytly goldaw güýçleriniň komandiri Jon Nikolsonyň beýanatynda aýdylýar.

Pyýada patruly nyşana alan partlamada ABŞ-nyň bir, Owganystanyň iki esgeri ýaraly boldy, hüjüm derňelýär diýip, beýanatda habar berilýär.

Bu hüjüm Parwan welaýatynyň paýtagty Çarakaryň etegindäki Halalzaý etrabynda boldy diýip, welaýat gubernatorynyň sözçüsi Wahida Şahkar aýtdy.

NATO Owganystandaky söweş missiýasyny 2014-nji ýylda resmi taýdan tamamlady, emma 16 müň çemesi harby şindem owgan milli goşunyna goldaw we tälim bermegini dowam etdirýär hem-de terrorçylyga garşy missiýalary ýerine ýetirýär.

XS
SM
MD
LG