Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň Garşy duruş toparynyň soňky agzasy ýogaldy


Arsene Tçakariýan. 2012 ý.
Arsene Tçakariýan. 2012 ý.

II Jahan urşy döwri Fransiýada nasistlere garşy göreşen immigrantlaryň Garşy duruş toparynyň aman galan soňky agzasy 101 ýaşynda aradan çykdy.

Milleti boýunça ermeni Arsene Tçakariýan 1916-njy ýylda Türkiýede dogulypdy. Ol 1930-njy ýylda Fransiýa göçüp, 1937-nji ýylda hem fransuz armiýasyna gulluga çagyryldy. Emma, 1940-njy ýylda Fransiýa nasistik Germaniýa boýun bolandan soň, ol gullukdan çykaryldy.

Ol soňy bilen ermeni şahyry we kommunisti Missak Manouçiýanyň ýolbaşçylygyndaky, daşary ýurtlylardan düzülen, Garşy duruş güýçleriniň hatarynda söweşip başlady. Topar 1943-nji ýylda Fransiýada nasist armiýasyna garşy göreşip, olara garşy sabotažlary hem gurdy.

1944-nji ýylda toparyň üsti açylýar we agzalary tussag edilip, ölüme höküm edilýär. Tçakariýan nasistlerden gaçyp, Bordeaux aşmagy başarýar.

Ol 4-nji awgustda Pariždäki öýünde ýogaldy.

XS
SM
MD
LG