Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp 2016-njy ýylda Kreml bilen ilteşikli aklawçy bilen geçirilen duşuşygyň maksadyny mälim etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2016-njy ýylyň iýunynda Nýu-Ýorkda Kreml bilen ilteşikli bir aklawçy bilen geçirilen duşuşykda, özüniň syýasy garşydaşy barada maglumat alandygyny mälim etdi. Emma, Tramp munuň “dolulygyna kanuny bolandygyny” hem belledi.

Tramp 5-nji awgustda özüniň Twitter hasabynda ýerleşdiren ýazgysynda bu hili duşuşyklaryň “syýasatda elmydama-da geçirilýändigini” öňe sürdi.

Maglumata görä, bu duşuşyga Trampyň ogly Donald Tramp Jr; häzirki ýokarky derejeli maslahatçysy we giýewsi Jared Kuşner; şol döwür Trampyň saýlaw kampaniýasyna ýolbaşçylyk eden Paul Manafort; russiýaly aklawçy Natalýa Weselnitskaýa we beýlekiler gatnaşypdyrlar.

Aýdylmagyna görä, rus araçysy Trampyň ogluna rus resmilerinde Trampyň saýlaw bäsdeşi Hillari Klintony “garalajak” maglumatlaryň bardygyny aýdandan soň, bu duşuşygy geçirmek barada ylalaşylypdyr.

Welnitskaýa Kongresiň öňünde beren hasabatynda şol döwür Kreml bilen hiç hili ilteşiginiň bolmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG